Russiýanyň güýçleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen telefon gürrüňdeşliginiň yzýany, Ukraina garşy giň gerimli hüjüm amala aşyrdy. Tramp gepleşikleriň netijeleri boýunça özüniň “gaty lapykeç bolandygyny” aýtdy.
Hüjümiň esasy nyşanyna Ukrainanyň paýtagty Kiýew düşdi. Ukrain resmileriniň aýtmagyna görä, hüjümde 500-den gowrak dron we 11 raketa ulanyldy.
Soňky maglumatlara görä, hüjüm sebäpli adam ýitgileri ýok, ýöne 20-den gowrak adam ýaralandy. Hüjüm paýtagtyň ilatly ýerlerine, şol sanda lukmançylyk edaralaryna-da garşy amala aşyryldy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha sosial ulgamda şeýle ýazgy galdyrdy: “Kiýew üçin düýnki gije juda gabahat we ukusyz gijä öwrüldi. Putiniň prezident Tramp bilen gepleşiginiň yz ýany, ýüzlerçe rus dronlary we ballistiki raketalary ukrain paýtagtynyň üstüne ýagdyryldy. Ol muny bilgeşleýin edýär.”
Adatdan daşary ýagdaý gulluklary ýaşaýyş jaýlarynyň we binalaryň zyýan çekendigini, şeýle-de birnäçe ýangynyň ýüze çykandygyny mälim etdi.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçkonyň sözlerine görä, hüjümden soň 14 adam hassahana ýerleşdirildi. Ýaralananlaryň arasynda 10 ýaşly gyzyň hem bardygy aýdylýar.
3-nji iýulda bir sagat töweregi dowam eden telefon söhbetdeşliginde Putin Trampa Moskwanyň Ukraina bilen bagly maksatlaryndan el çekmejekdigini aýtdy. Kremliň maslahatçysy Ýuriý Uşakowyň aýtmagyna görä, Putin “Russiýa Ukrainada öz maksatlaryna ýetjekdigini” we “mundan ýüz öwürmejekdigini” aýdypdyr.
Tramp söhbetdeşlikden soň: “Prezident Putin bilen şu günki söhbetdeşligim meni gaty lapykeç etdi we bu meni juda gynandyrýar” diýdi.
“Meniň pikirimçe, ol saklanmakçy däl, bu örän gynandyryjy ýagdaý” diýip Tramp aýtdy.
Tramp 4-nji iýulda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem gürleşjekdigini aýtdy.
Zelenski sosial ulgamda şeýle ýazdy: “Bu ýagdaýlaryň hemmesi, Russiýanyň giň göwrümli basyş edilmezden, özüniň biperwaý we weýrançylykly hereketlerini üýtgetmejekdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu esasan hem biziň hyzmatdaşlarymyza, ilkinji nobatda ABŞ-a baglydyr.”
Şeýle-de Zelenski ABŞ-nyň Ukraina ýarag bermegini bölekleýin togtadandygy barada, hususan-da, Patriot howa goranyş ulgamlarynyň goýberilmegi baradaky mesele boýunça Tramp bilen gepleşmek isleýändigini aýtdy.
Forum