Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina garşy 550-den gowrak howa hüjüm serişdesini atdy


Russiýanyň 4-nji iýula geçilen gije Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň 4-nji iýula geçilen gije Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň güýçleri 4-nji iýula geçilýän gije Ukraina garşy giň gerimli howa hüjümini amala aşyrdy. Bu hüjümde 550 sany howa hüjüm serişdesi ulanyldy diýip, Ukrainanyň Harby howa güýçleri habar berdi.

Şolaryň arasynda 539 sany dron, şol sanda 330-dan gowrak “Şahed” görnüşli kamikadze dronlary, şeýle hem bir H-47M2 “Kinžal” kysymly aeroballistiki raketasy, alty sany “Iskander-M/KN-23” ballistiki raketasy we dört sany “Iskander-K” görnüşli ganatly raketa bar.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatynda, “hüjümiň esasy ugry ýurduň paýtagty Kiýew bolandygy, duşmanyň howadan edýän hüjümleriniň sekiz ýaşaýyş nokadyna düşendigi, şeýle hem 33 sebitde urlan raketalaryň bölekleriniň ýere gaçandygy” aýdylýar.

Kiýewiň häkimiýetleriniň maglumatyna görä, hüjümiň netijesinde azyndan 19 adam ýaralandy, ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi.

Deslapky maglumatlara görä, Ukrainanyň güýçleri 478 howa hüjüm serişdesini ýok etmegi başardy.

XS
SM
MD
LG