Russiýa Odessa we Poltawa dronlar bilen hüjüm etdi

Russiýanyň Odessa uran zarbasynyň netijeleri. 3-nji iýul

Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň Poltawa şäherine dronlar bilen hüjüm etdi. Netijede şäheriň harby gullukçylary ýygnamak boýunça sebit merkeziniň ýerleşen binasynda ýangyn ýüze çykdy. Pidalar barada resmi maglumat berilmedi.

Poltawa edilen hüjümde ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi, parahat ilatyň arasynda ölenler we ýaralananlar bar. Takyk sanlar anyklanylýar.

Odessada dronyň köp gatly ýaşaýyş jaýyna zarba urmagy netijesinde, bäş adam, şol sanda iki çaga ýaralandy.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, 3-nji iýula geçilen gije Russiýa Ukraina 52 dron bilen hüjüm etdi. Olaryň 22-si ýok edildi, ýene 18-si “lokasiýadan ýitdi”.