Rus polisiýasynyň reýdinden soň azerbaýjanlylaryň ölümi Baku bilen diplomatik dawany tutaşdyrdy

Geçen hepde Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde geçirilen polisiýa reýdinde iki azerbaýjanlynyň gynamalar sebäpli ölendigi baradaky aýyplamalaryň arasynda dörän diplomatik gapma-garşylyk Russiýanyň beýleki öňki sowet respublikalary bilen gatnaşyklaryndaky kynçylyklary görkezdi.

1-nji iýulda Azerbaýjanyň resmileriniň aýtmagyna görä, geçen aýyň ahyrynda Ýekaterinburgda geçirilen uly göwrümli polisiýa operasiýasy wagtynda tussag edilmeginden soň ölen iki doganyň jesetleriniň barlagy olaryň ýenjilendigini görkezýär.

Bakuwdaky döwlet prokuraturasy "Russiýa Federasiýasynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan azerbaýjan raýatlaryny we etniki azerbaýjanlylary gynamak we bilkastlaýyn öldürmek" meselesi boýunça iş açandygyny aýtdy.

Aýyplamalar we bu meseläni çözmek bilen baglanyşykly diplomatik hereketler, Türkiýe bilen ýakyn arabaglanyşygy bolan nebit öndürýän ýurt bolan Azerbaýjanyň Russiýa bilen aragatnaşyklaryna düýpli howp abandyrýar.

Şol bir wagtyň özünde, analitikler Azerbaýjanyň bu meselä tutanýerli garaýşy bir wagtlar Moskwanyň täsiriniň astyndaky sebitde uly özgerişiň emele gelendigini görkezýär diýýärler.

Degişli maglumat Ýekaterinburgda azerbajan diasporasynyň ýolbaşçysy saklandy

Daglyk-Garabagdaky harby ýeňişlerden, Ýewropa energiýa eksportynyň köpelmeginden we Türkiýe bilen strategiki gatnaşyklaryndan hyjuwlanan Bakuw, sebitiň geosyýasy ýagdaýyna esli täsir edip biljek Russiýanyň "agyr diplomatiýasyny" kabul etmek islemeýär.

Azatlyk Radiosynyň Günorta Kawkaz boýunça bilermeni Wadim Dubnowyň pikiriçe, "Azerbaýjan Moskwadan arany uzaklaşdyrmak isleýändigini görkezýär".

"Bu Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda soňky ýyllarda ýüze çykan deňsizligi düzedýär we ähli güýç merkezlerinden deň derejede daşlaşmak Bakuwyň ähli diplomatik hereketleriniň aýratynlygydyr" - diýip, Dubnow aýtdy.

Moskwa bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklar 2024-nji ýylyň dekabrynda Russiýanyň raketa goranyş bölüminiň Gürjüstan-Russiýa serhediniň golaýynda bir azerbaýjan ýolagçy uçaryny atyp, 38 parahat ýaşaýjynyň ölümine sebäp bolmagyndan soň ýaramazlaşdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin gynanç bildirse-de, Azerbaýjan şondan soň halkara sudunda sud işini açdy. 2025-nji ýylyň maý aýynda Ylham Alyýew Moskwada ýeňiş paradyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi, muňa diplomatiki äsgermezlik hökmünde seredildi.

Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri 27-nji iýunda guramaçylykly jenaýata gatnaşmakda aýyplanan we 2000-nji ýyllaryň başynda birnäçe adamyň ölümine gatnaşygy bolmakda şübhelenen onlarça azerbaýjanlyny tussag edilenden soň ýagdaý hasam erbetleşdi. Tutulan iki adam - Ziýaddin we Huseýn Safarowlar şübheli ýagdaýda tussaglykda öldi.

Şaýatlaryň maglumatlary we maşgala agzalarynyň görkezmeleri, syzyp çykan wideoýazgylar we söhbetdeşlikler tussaglaryň ýenjilendigini we gynamalara sezewar edilendigini öňe sürýär.

Birnäçe günläp ölüm barada habar bermedik rus häkimiýetleri nädogry herekete ýol berlendigini inkär etdiler we bir ölümi ýürek ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrdylar, ikinjisine deslapky derňewe başlandygyny aýtdylar.

Azerbaýjan hökümeti öň görlüp-eşidilmedik diplomatik ädimleri bilen güýçli reaksiýa bildirdi. Ol Russiýanyň işleri wagtlaýyn ynanylan Bakuwdaky wekili Pýotr Wolokowyhy çagyrdy we aç-açan derňewi talap edip, bu wakany "etnik äheňli sudsyz öldürmek" diýip häsiýetlendirdi.

Degişli maglumat Türkmenistanlylar Russiýada urlup-ýenjilen azerilere duýgudaşlyk bildirýär

Prezident Ylham Alyýewiň administrasiýasy hepdäniň ahyrynda ýokary derejeli ikitaraplaýyn ýygnaklary ýatyrmak, Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Alekseý Owerçukyň meýilleşdirilen saparyny goýbolsun etmek we Bakuwda meýilleşdirilýän birnäçe rus medeni çäresini ýatyrmak ýaly hereketleri bilen hasam öňe gitdi.

30-njy iýunda Azerbaýjanyň häkimiýetleri Russiýanyň döwlet habarlar gullugynyň ýerli bölümi bolan "Sputnik" agentliginiň Bakuwdaky ofislerine reýd geçirdi.

Polisiýa möhleti geçen akkreditasiýalara we metbugat kanunlarynyň bozulandygyna salgylanyp, iki žurnalisti tussag etdi we ýaýlym enjamlaryny ele saldy.

Ýerli metbugatda tussag edilen rus žurnalistleri Igor Kartawyh we Ýewgeniý Belousow Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) gizlin agentleri bolmakda güman edilýär diýlip, habar berildi.

Bu aýyplama resmi taýdan tassyklanmady, ýöne rus resmileri bu çäräni söz azatlygyna garşy duşmançylykly hereket diýip, atlandyrdylar we Azerbaýjanyň Moskwadaky ilçisini düşündiriş üçin çagyrdylar.

1-nji iýulda "Ruptly" wideo gullugyndan žurnalist Aýtekin Huseýnowa Bakuwda tussag edildi.

Huseýnowanyň ejesi onuň "Sputnik" agentliginiň Azerbaýjandaky redaksiýasynda geçirilen barlaglary surata düşürendigini aýtdy. Azerbaýjanyň häkimiýetleri onuň tussag edilmeginiň sebäbini aýan etmedi.

Şol gün hökümet bilen baglanyşykly ýerli habar beriş serişdeleriniň çap eden maglumatyna görä, Bakuwyň polisiýasy Eýrandan neşe gaçakçylygynda, onlaýn söwdasynda we kiber galplygynda güman edilýän iki sany rus guramaçylykly toparyň agzasy bolmakda aýyplanýan birnäçe adamy tussag edipdir.

Kreml Azerbaýjanyň bu hereketini, esasanam köpçülikleýin habar beriş serişdelerine basyşlaryny ýazgarsa-da, ar alyş sanksiýalardan ýa-da azeri raýatlaryny köpçülikleýin kowup çykarmak ýaly hereketlerden saklandy.

30-njy iýunda Russiýanyň daşary işler ministrligi "Bakuwyň dostlukly bolmadyk hereketleri we rus žurnalistleriniň bikanun tussag edilmegi bilen baglanyşykly" Azerbaýjanyň Moskwadaky ilçisini çagyrandygyny aýtdy.

1-nji iýulda ministrlik Bakuwy "dostlukly däl hereketlerde" we "ikitaraplaýyn gatnaşyklary dargatmak" üçin "bilkastlaýyn ädimler" ätmekde aýyplady.

Degişli maglumat Azerbaýjan Russiýa bilen baglanyşykly medeni çäreleriň ählisini ýatyrdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.