Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa Birleşen Ştalaryň 4-nji iýulda bellenilýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada resmi türkmen mediasy habar berýär.
Maglumata görä, Berdimuhamedow, hususan-da, Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ABŞ-nyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edipdir.
ABŞ 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda Garaşsyzlyk Deklarasiýasyny kabul etdi.