ABŞ Eýranyň Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligi (AEHA) bilen hyzmatdaşlygyny togtatmak kararyny ýazgardy.
Eýranyň döwlet metbugatynyň habar bermegine görä, 2-nji iýulda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan parlament tarapyndan golaýda kabul edilen we BMG-niň ýadro gözegçilik edarasy bilen gatnaşygyň togtadylmagyny göz öňünde tutýan kanuna gol çekdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Temmi Brýus metbugat ýygnagynda Eýranyň bu çözgüdini “kabul ederliksiz” diýip atlandyrdy we Tährany AEHA bilen doly hyzmatdaşlygy gyssagly dikeltmäge çagyrdy.
29-njy iýunda AEHA-nyň ýolbaşçysy Rafael Grossi “CBS” telekanalyna beren interwýusynda Eýranyň urany baýlaşdyrmak işini täzeden başlamaga tehniki mümkinçiliginiň saklanyp galandygyny we bu işleri birnäçe aýyň dowamynda dikeldip biljekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ysraýyl bilen ABŞ-nyň golaýda Eýranyň ýadro desgalaryna uran zarbalary agyr, emma kesgitleýji bolmady.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Pentagonyň başlygy Pit Hegset Eýranda amerikan güýçleriniň zarba uran desgalarynyň “doly ýok edilendigini” birnäçe gezek nygtapdy.
2-nji iýulda Pentagon Eýranyň ýadro maksatnamasynyň azyndan iki ýyl yza serpikdirilendigini mälim etdi.